
Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde energiýa tygşytlylygy ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalarda tebigy sowadyjy maddalaryň (hladagentler — tebigatda duş gelýän we sowadyjy ulgamlarda ýylylygy geçirmek üçin ulanylýan maddalar) ulanylyşynyň gerimini giňeltmek bilen bagly iş saparynda boldy.
Oňa ýurdumyzyň dürli pudaklaryndan, şol sanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden wekiller gatnaşdy.
Ozon gatlagyny ýukaldýan maddalar boýunça Monreal protokolynyň Kigali düzedişini ýerine ýetirmegiň çäginde alnyp barylýan işlerden, ýagny tebigy sowadyjylary peýdalanmaklyga (hladagentlere) geçmek we gidroftoruglerodlaryň (HFC) sarp edilişini azaltmak hemde energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda tejribe toplamak bu saparyň esasy maksady boldy.
Myhmanlar saparyň çäklerinde R717 (ammiak) tebigy sowadyjynyň esasynda senagat sowadyjy enjamlary öndürýän ООО «Industrialnyýe reşeniýa» kompaniýasynyň önümçilik kärhanasyna bardylar. Bu ýerde gatnaşyjylar sowadyjy enjamlary öndürmegiň dürli tapgyrlaryny görüp, ammiagyň (hladagent) sowadyjy madda hökmünde ulanylmagy bilen baglanyşykly dürli tehniki çözgütler bilen tanyşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň Wladimir oblastynyň Kiržaç şäherinde ýerleşýän «TehnoFrost» senagat sowadyjy enjamlary öndürýän zawoda baryp görendigini bellemelidir. Toparyň agzalaryna häzirki zaman sowadyjy enjamlaryň we kondisionerleriň öndürilişiniň ähli önümçilik görnüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem myhmanlar tebigy sowadyjylary ulanýan sowadyjy enjamlaryň dürli nusgalary bilen tanyşdyryldy.
Saparyň çäklerinde «Akademiýa KrioFrost» ylym-bilim merkezinde «Gidroftoruglerodlaryň ret edilmegi we sowadyjy ulgamlaryň energiýa netijeliligi» atly maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda belli alymlar, sowadyjy enjamlary öndürýän kärhanalaryň esaslandyryjylary, döwlet wekilleri we hünärmenler çykyş etdiler. Çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Soňra sowadyjy senagat kärhanalarynyň wekilleri üçin ýörite okuwlar guraldy. Bu okuwlar tebigy hladagentler - uglerod dioksidi, propan we ammiak bilen howpsuz işlemek meselelerine bagyşlandy.
Bahar BAÝRAMOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň uly mugallymy
Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti