
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz pudagy möhüm orun eýeleýär. Bu bolsa ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Türkmenistan dünýä möçberinde tebigy gazyň we nebitiň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň biridir, bu bolsa, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrýar. Tebigy gazyň gorlarynyň köp bolmagy bilen, Türkmenistan halkara bazarlara tebigy gazyň eksportyny üpjün edijileriň biri bolup durýar. Türkmenistan daşary ýurtlara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna we Eýrana tebigy gazy eksport edip, eksport mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.
Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň ýangyç-energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar.
Nebitgaz işleriniň we hyzmatlarynyň bazaryndaky ýiti bäsleşik şertlerinde diňe önümçilik-dolandyryş çözgütlerini çalt we dogry kabul etmek, içerki we daşarky üýtgemelere çeýelik bilen öwrenişmek arkaly kärhana öz işiniň netijeliligini üpjün edip biler. Bu bolsa, öz gezeginde, kärhananyň işiniň seljerilmesini yzygiderli, doly we dogry geçirmegi talap edýär.
Innowasion tehnologiýalary, täzelikleri önümçilige ornaşdyrmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek çözmeli meseleleriň biri bolup durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işlerini ýerine ýetirýän kärhanalarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan almaz dolotalary ulanylýar.
Almaz dolotasy dag jynslaryny ýumurýan, birnäçe guýularda işlemäge ukyply we öz ätiýaçlylygyny müňlerçe metre çenli çuňluklarda işläp geçýän häzirki zaman ygtybarly guraldyr. Häzirki zaman buraw dolotalary bir gatnawda diňe bir dürli görnüşli dag jynslaryny burawlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dürli stratigrafik bölümlerinde hem burawlamaga ukyplydyr.
Almaz dolotasy dag jynslaryna täsir ediş häsiýetleri boýunça sürtüp-ownadyjy we kesiji guraldyr. Bu dolotalary has uly çuňlukly guýular burawlananda ulanmak maksadalaýykdyr, şol bir wagtda, olar ep-esli aralygy gazyp geçmegi üpjün etmek bilen, goýberiş-galdyryş işlerine sarp edilýän wagty azaldýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz pudagynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak onuň esasy düzüm bölekleridir. Şunda ekologiýa, gazyp alýan we gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Nebitli we gazly guýularyň gurluşygy köp zähmeti talap edýän prosesleriň biri bolup, guýularyň gurluşygynyň hemme tapgyrlary täze buraw tehnikalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen baglanykdyr. Şol sebäpli, gelejekde buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak köp babatda ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagy bilen kesgitlenilýär, onuň netijeleri bolsa, buraw işleriniň tehniki-ykdysady görkezijileriniň hakyky ýokarlanyşyny görkezýär.
Önümçilik prosesine täze tehnikanyň ornaşdyrylmagy ahyrky netijede nebitli we gazly guýularyň burawlanyşynyň täjirçilik tizliginiň ýokarlanmagyna, guýularyň gurluşygynyň möhletiniň kemelmegine we buraw işleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine getirýär.
Almazly dolotalar öňki ulanyşda bolan şa-roşkaly dolotalar bilen deňeşdirilende, olaryň netijeliligi tehnologik faktorlar bilen tapawutlanýar, has takygy, täze dolotalaryň öňki dolotalardan artykmaçlygy, esasan, burawlaýşyň täjirçilik tizliginiň ýokarlanmagyna, guýularyň gurluşygynyň möhletiniň kemelmegine we buraw işleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine we mundan başga-da dolotalaryň sanynyň we mehaniki burawlaýşa, goýberiş-galdyryş işlerine hem-de kömekçi işlerine sarp edilen wagtyň azalmagyna getirýär. Bu bolsa kärhanada maliýe serişdeleriniň tygşytlanmagyny şertlendirýär.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Ekerem buraw işler müdirliginiň meýdançasynda bir guýuda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň önümi bolan almaz dolotasynyň ornaşdyrylmagy, öňki ulanylýan dolotalar bilen deňeşdirilende, mehaniki tizligiň 3,6 esse ýokarlanmagyna, bir dolota bilen geçirilen metriň 12,7 esse artmagyna, goýberip-galdyryş işleriniň wagtynyň 5,5 esse gysgalmagyna, taýýarlaýyş we kömekçi işlere sarp edilen wagtyň 12,6 esse azalmagyna, dolotalaryň sanynyň 12,7 esse kemelmegine, gatnawlaryň sanynyň 12,7 esse azalmagyna, burawlaýşyň täjirçilik tizliginiň 1,1 esse artmagyna getirdi.
Şeýle hem, konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň meýdançalarynda (Demirgazyk Goturdepe, Günbatar Goturdepe) Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan almaz dolotalarynyň ulanylmagy bilen hem oňat netijeler gazanyldy: ortaça bir guýudan bir dolota bilen geçilen metriň 6,7 esse köpelmegi; bir gatnawda geçilen metriň 2,1 esse artmagy; goýberip-galdyryş işleriniň wagtynyň 3,5 esse; taýýarlaýyş we kömekçi işlere sarp edilen wagtyň 3,7 esse; dolotalaryň sanynyň 7,7 esse we gatnawlaryň sanynyň 2,4 esse azalmagy, burawlaýşyň täjirçilik tizliginiň bolsa 1,1 esse artmagy gazyp geçmäge sarp edilýän çykdajylaryň tygşytlanmagyna getirdi.
Konserniň buraw işleri kärhanalaryna Koreýa Respublikasynyň önümi bolan täze dizelleriň ornaşdyrylmagynyň (BIM) netijesinde, öňki ulanylyp gelinýän köne dizeller bilen deňeşdirilende, olaryň kuwwatlylygynyň 1,3 esse ýokarylygy, dizel ýangyjynyň sarp edilişiniň 1,0 esse az bolmagy çykdajylaryň kemelmegine getirip, täze dizelleriň artykmaçlyklaryny görkezdi.
Konserniň Nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginde ornaşdyrylan sementleýji toplumyň seljerilmesi esasynda, öňki ulanylýan tehnikalar bilen deňeşdirilende, ulanylýan tehnikanyň sanynyň az bolmagy bilen işgärleriň ortaça sanynyň 2,2 esse azalmagy, şoňa laýyklykda işgärleriň zähmet hakynyň 3,5 esse kemelmegi, agregatyň öndürijiliginiň 10 esse ýokarlanmagy, ortaça bir guýynyň işine sarp edilýän wagtyň 34,5 göterim we ýangyjyň 22,7 göterim azalmagy, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylmagy ýaly artykmaçlyklarynyň bolmagy toplumyň önümçilikde ulanylmagynyň tehnologik we ykdysady taýdan maksada laýyklygyny görkezdi.
Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen nebitgaz çykaryş kärhanalaryndaky guýularyň düýpýan zolagynda termobarohimiki işleri geçirildi we olardan goşmaça nebit, ugurdaş gaz alyndy.
Nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň känlerindäki guýularyň turbalarynyň diwarlarynda emele gelýän parafin çökündilerini arassalamakda dünýä derejesindäki «Slik-Laýn» kanat tehnikasy ulanyldy. Russiýanyň önümi bolan elektro merkezden gaçyryş sorujylary we hyrly sorujylary hem peýdalanylyp, guýulardan goşmaça önüm alyndy.
Konserniň buraw işleri kärhanalaryna Koreýa Respublikasynyň önümi bolan täze dizelleriň ornaşdyrylmagynyň (BIM) netijesinde, öňki ulanylyp gelinýän köne dizeller bilen deňeşdirilende, olaryň kuwwatlylygynyň 1,3 esse ýokarylygy, dizel ýangyjynyň sarp edilişiniň 1,0 esse az bolmagy çykdajylaryň kemelmegine getirip, täze dizelleriň artykmaçlyklaryny görkezdi.
Konserniň Nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginde ornaşdyrylan sementleýji toplumyň seljerilmesi esasynda, öňki ulanylýan tehnikalar bilen deňeşdirilende, ulanylýan tehnikanyň sanynyň az bolmagy bilen işgärleriň ortaça sanynyň 2,2 esse azalmagy, şoňa laýyklykda işgärleriň zähmet hakynyň 3,5 esse kemelmegi, agregatyň öndürijiliginiň 10 esse ýokarlanmagy, ortaça bir guýynyň işine sarp edilýän wagtyň 34,5 göterim we ýangyjyň 22,7 göterim azalmagy, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylmagy ýaly artykmaçlyklarynyň bolmagy toplumyň önümçilikde ulanylmagynyň tehnologik we ykdysady taýdan maksadalaýyklygyny görkezdi.
Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen nebitgaz çykaryş kärhanalaryndaky guýularyň düýpýan zolagynda termobarohimiki işleri geçirildi we olardan goşmaça nebit, ugurdaş gaz alyndy.
Nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň känlerindäki guýularyň turbalarynyň diwarlarynda emele gelýän parafin çökündilerini arassalamakda dünýä derejesindäki «Slik-Laýn» kanat tehnikasy ulanyldy.
Russiýanyň önümi bolan elektro merkezden gaçyryş sorujy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň maksady «Goturdepe» känindäki guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir.
Nebitiň, tebigy gazyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek, gaýtadan işlenmegini guramak we dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak döwletimiziň bu babatda alyp barýan işleriniň esasy ugurlarydyr. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Şol sanda, bu pudaga daşary ýurt maýadarlarynyň serişdeleri hem çekilýär.
Nebitgaz pudagyna maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen, tehnologik täzelenme we infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar. Maýa goýumlar netijeliligi ýokarlandyrýan hem-de daşky gurşawa zyýanly täsiri azaltmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga şert döredýär.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goldawy bilen Türkmenistanyň ýataklarynda nebiti we gazy gazyp almagyň innowasion usullary ulanylýar, bu bolsa tebigy serişdeleri has tygşytly ulanmagy üpjün edýär.
Döwrebaplaşdyryş işleriniň çäginde ýurduň nebiti gaýtadan işleýän kuwwatlyklary hem kämilleşdirilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ýaly kärhanalaryň taslamalary ýokary hilli nebit önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, nebit önümleri bilen içerki bazary üpjün etmäge hem-de ony daşary ýurtlara eksport etmäge şert döredýär.
Türkmenistanyň hökümeti nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge ähli amatly şertleri döredýär.
Kabul edilen kanunlar we halkara kompaniýalar bilen baglaşylan ylalaşyklar maýa goýumlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Daşary ýurt maýadarlary üçin salgyt ýeňillikleri we paýly gatnaşmak esasynda taslamalara gatnaşmak ýaly birnäçe artykmaçlyklar döredilýär.
Türkmenistanda CNPC (Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasy), «Dragon Oil», «Petronas» ýaly halkara kompaniýalar işjeň hereket edýär. Olar bilen giň gerimde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk diňe bir maliýe çeşmelerini däl, eýsem, tebigy serişdeleri iň häzirki zaman tehnologiýalarynda has netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň pudaklaýyn düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, gaýtadan işleýän, şol sanda gaz senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önüm çykarmak boýunça strategiýany durmuşa geçirýär.
Ýene-de bir strategik taýdan möhüm taslama Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen baglanyşyklydyr. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş hem-de ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder.
Dünýäde iň irileriň hatarynda durýan «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri işjeň dowam edýär. Ýangyç çykarylýan ýataklarda uly çuňlukdaky gorlary (7 km çenli) öwrenmäge gönükdirilen geologiýa-gözleg işleri dikeldildi. Hususan-da, ýurdumyzyň günbatar böleginde, «Goturdepe» ýatagynda döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly 3D görnüşinde seýsmiki gözleg işleri geçirildi.
Ýurdumyzda çig maly ibermek bilen çäklenmän, uglewodorod serişdelerini gaýtadan çuňňur işlemäge hem-de dünýä bazarlaryna bäsleşige ukyply we ýokary goşmaça bahaly önümleri çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmäge ugur aldyk.
Şonuň bilen baglylykda, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de çykarmak ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryň işjeň çekilmeginiň netijesinde bu ugurda uly ösüş gazanylýar. Ýurdumyz dünýä energetika bazaryndaky ornuny mundan beýläk hem pugtalandyrmagy we maýadarlaryň bähbitlerini goramak üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýär. Maýa goýumlarynyň akymy önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga, infrastruktura ösdürmäge, daşky gurşawy goramak boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik döredip, milli ykdysadyýete we halkyň durmuş derejesine oňyn täsir edýär.
Döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy ugurlaryň biri nebitgaz pudagy bolup durýar. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlarynyň önümçilige netijeli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün edýär.
Döwran ESENOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy
Rejepguly GULMÄMMEDOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy
Mahmut HAÝDAROW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy
Çeşmesi: "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly