
Türkmenistan halkara giňişliginde umumadamzat ähmiýetli, ählumumy ösüş üçin zerur bolan meseleleri çözmeklige işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty dünýä döwletleri, BMG we beýleki halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýer togalagynda ýerleşýän energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygy bolup durýar. Ýurdumyzyň şeýle baýlyklara eýedigi bellenmeli ýagdaýdyr. Diýarymyz umumy gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän bolsa, Merkezi Aziýa sebitinde Gün we ýel potensialy boýunça ikinji orunda durýar. Tebigy gaz ulanylanda atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň mukdary gara kömürden bäş, nebit önümlerinden üç esse azdyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli ilatly ýerleriniň tebigy gaz bilen doly üpjün edilmegi ýurdumyzyň ekologiýany we daşky gurşawy goramakda halkara Konwensiýalaryň çäklerinde üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde aýratyn işjeňlik görkezýändigini subut edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine esaslanýan iri desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Balkan welaýatynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde gurulýan täze, döwrebap obany mysal getirmek bolar. Bu obany elektrik energiýasy bilen üpjün etjek kuwwatlylygy 10 MWt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny bellemelidir.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň bilelikde işleşmekleri netijesinde ol ýerleriň şertleri öwrenilip, ylmy esasda baha berildi. Metbugat maglumatlaryna salgylansaň, şeýle ölçegler Diýarymyzyň beýleki welaýatlarynda hem alnyp barylýar. Gün energiýasyny ulanyp, suw arassalaýyş tehnologiýalarynyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin täze eksport mümkinçiliklerini açyp, sebitde «ýaşyl» tehnologiýalaryň ýaýramagyna ýardam eder.
Gazylyp alynýan ýangyçlaryň (gaz, nebit, kömür) ornuny tutup biljek bioýangyja we bioetanola hem soňky döwürde köp üns berlip ugraldy. Bioýangyç biologik galyndylary gaýtadan işlemek arkaly alynýan çig mal bolup durýar. Bioenergetika nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda täze gözlegler geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki degişli edaralaryň hünärmenleri tarapyndan bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenmäge mynasypdyr.
Gaýtadan dikeldilýän häzirki zaman energiýa çeşmeleri, ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga, merkezleşdirilen energiýa torundan uzakdaky ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiri azaltmaga ýardam edýär. Bu bolsa geljekki nesiller üçin has nurana, arassa durmuşy üpjün etmekligiň we döwre görä kämilleşdirmekligiň bir şertidir.
Bütin dünýäde Günüň energiýasyndan jaýlaryň ýylylyk hem-de gyzgyn suw üpjünçiliginde peýdalanmaga uly mümkinçiligiň barlygyny bellemek gerek. Energiýanyň bu möhüm görnüşi oba hojalyk önümlerini guratmakda, suwy duzsuzlandyryş, otaglary we jaýlary sowadyş ýa-da ýyladyş ulgamlarynda peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa gurnawlarynyň, ýagny fotoelektrik Gün stansiýalarynyň we Gün kollektorlarynyň hasabyna alynýan elektrik hemde ýylylyk energiýalaryny peýdalanmak ýyl-ýyldan amatly bolmagynda galýar. Bu bolsa adaty ýangyç serişdelerini tygşytlamaga, daşky gurşawy goramaga, merkezi ýylylyk we elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşen sarp edijileri ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa hem-de elýeterli energiýa serişdeleri bilen üpjün etmäge ýardam berer.
Saparmyrat ARTYKОW
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti