Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
DÖWÜR WE ÝAŞLAR
09.07.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her güni şanly wakalara, taryhy senelere beslenýär. Islendik saýlap alan käriňi döwrüň talaplaryna görä ösdürmeli, çünki ýaşaýyş we durmuş bir duran ýerinde durmaýar. Ylym we tehnika ösýär, şonuň bilen birlikde her bir hünär hem kämilligi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär».

Ösüşler bilen aýakdaş gitmek hünär derejäňi artdyrmagyň başlangyjydyr. Her ugur boýunça gazanylýan üstünlikleri öwrenmek esasy talaplaryň biridir. Öz bilýän zadyňy täze gelen hünärmene öwretmek hem hökmandyr, çünki hünäriň dowam etmegi we has kämilleşmegi halypaşägirt ýörelgesi bilen berk baglydyr. Ynsanyň bu dünýäde galdyryp biljek iň gowy mirasy ylymdyr. Bilýän ylmyňy soňkulara öwretseň, geljekde olar hem başgalara öwretse, bu ýagdaý şeýdip yzygider dowam eder, olaryň ylymda gazanan üstünliklerinde biziň her birimiziň goşandymyz bolar.

Maýsa REJEPMÄMMEDOWA

«Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti