
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «gara altyn» bilen bir hatarda «mawy ýangyç» hem uly mukdarda çykarylýar. «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki Körpeje gaz çykaryş müdirligi şu ugra ýöriteleşdirilen kuwwatly kärhanalaryň biridir. 1998-nji ýylda döredilen bu kärhana döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik taýdan örän wajyp wezipelerini amala aşyrýan ulgamlarynyň birine öwrüldi. Müdirlik Esenguly etrabynyň çäklerinde gazly, gazkondensatly känleri önümçilik taýdan özleşdirmek, gazy, gaz kondensatyny çykarmak, toplamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak ýaly işleri amala aşyrýar. Onuň önümçilik ýerleri Körpeje, Keýmir, Akpatlawuk, Çekişler, Seňňerdepe we Gyýanly meýdançalarynda ýerleşýär. Müdirligiň düzüminde gazy çykaryş, gazy çykaryş we taýýarlaýyş, gazy taýýarlaýyş we daşaýyş, gazy gysyş we taýýarlaýyş, gazy taýýarlaýyş we akdyryş ýaly esasy sehler, prokat, barlagölçeg abzallary we awtomatika, elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, abatlaýyş-sazlaýyş, awtoulaglar sehleri ýaly ýardam beriji sehler, şeýlede, ülüşler bar. Olarda işine ussat, ezber hünärmenler zähmet çekýärler.
Bu ýerde gaz çykaryş sehiniň esasy alyp barýan işi gazly guýulardan «mawy ýangyjy» bökdençsiz çykaryp, ony gaz taýýarlaýjy desgalara ýitgisiz eltmekden ybaratdyr. Sehde gazly guýularyň işleýşine yzygiderli gözegçilik edilip, wagtly-wagtynda degişli guramaçylyk-tehniki çäreler geçirilip durulýar. Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler amala aşyrylýar.
Müdirlik tarapyndan özleşdirilýän hazynaly ýerleriň köpelmegi netijesinde işiň göwrüminiň artmagy sebäpli, täze gazly guýulara edilýän hyzmatdaky kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen gazy çykaryş we taýýarlaýyş sehiniň zähmetsöýer işgärleri kärhananyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu sehiň hasabynda «Çekişler» pes temperaturaly saýlaýjy desga bolup, ol bir gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metr gazy taýýarlamaga ukyplydyr.
«Keýmir» gazlift kompressor stansiýasy «Keýmir» we «Akpatlawuk» nasos stansiýalarynda nebitden saýlanyp, alawda ýakylýan ugurdaş gazy ýygnap, çykarylýan nebitiň mukdaryny artdyrmakda peýdalanmak üçin gazlifte bermek işini amala aşyrýar. Bu desganyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 2,5 — 3 million kub metr ugurdaş gazy ýokary basyşa çykarmaga ukyplydyr.
Önümçilik desgalarynda taýýarlanylýan önümiň takyk hasabyny ýöretmekde, olaryň işleýşini berk gözegçilikde saklamakda barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş sehiniň işgärleriniň goşandy uludyr. Kärhananyň «Akpatlawuk» abatlaýyş-sazlaýyş sehi Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalaryndan gazy ýygnamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak boýunça desgalar toplumynyň barlag-ölçeg abzallarynyň, awtomatika we elektroenergetika ulgamynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.
Häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, täze enjamlaryň, zerur serişdeleriň, awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň satyn alynmagy hem-de olaryň ulanylyşa girizilmegi, daşary ýurtly ugurdaş firmalardyr kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýurdumyzda gaz pudagynyň işiniň has-da kämilleşmegine, ilerlemegine ýardam edýär.
Körpejeli gazçylaryň, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenmäge mynasypdyr. Geçen ýyllaryň dowamynda Esenguly etrabynyň Bugdaýly geňeşliginde 2 sany 2 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň, şeýle-de Bugdaýly we Şahman obalarynda kiçi futbol meýdançalarynyň, Gamyşlyja obasynda deňiz suwuny arassalaýjy desganyň gurlup ulanylyşa tabşyrylmagy olar üçin şatlykly waka boldy. Ekerem şäherçesinde gurluşygy dowam edýän ýaşaýyş jaýy-da, nesip bolsa, gazçylary begendirer.
«Körpeje» gaz çykaryş müdirligi tarapyndan ýylyň başyndan bäri 1 milliard 383 million 211 müň 842 kub metr (meýilnama boýunça çykarylmalysy 599 million 370 müň kub metr) tebigy gaz çykarylyp, uly zähmet üstünligi gazanyldy. Şeýle-de 25 müň 999 tonna (meýilnama boýunça 14 müň 995 tonna) gaz kondensaty alyndy. Işiň häzirki depgini kärine ezber gazçylaryň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny zähmet üstünligi bilen garşy aljakdyklaryna şaýatlyk edýär.
Amanmyrat KIÇIGULOW
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni
Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti