Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
NEBITGAZ PUDAGY YLMYŇ SOŇKY GAZANANLARYNA DAÝANÝAR
03.07.2025

Türkmenistanda ýangyçener getika toplumyny batly depginde döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman önümçiliklerini döredip, onuň düzü mini giňeltmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işläp, önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ýurdumyz da ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp bar ýan energetika syýasatynyň netijesin de ýurdumyzda, dünýäde we sebitde energiýa howpsuzlygy üpjün edilýär.

Uglewodorodlary gazyp almakda innowasion tehnologiýalary ulanmak, işiň alnyp barlyşynda täzeçil usul lary ornaşdyrmak, halkara hyzmat daşlar bilen özara gatnaşygy ýola goýmak, energetika diplomatiýasyny ösdürmek işleri üstünliklere beslen ýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýedir. Soňky ýyllarda alnyp barylýan geologiýagözleg iş leriniň netijesinde tebigy gaza, gaz kondensatyna baý bolan ýataklaryň üsti açyldy.

Gaz we nebit senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek döw let syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny we nebiti ni, olardan alynýan önümleri daşa ry ýurtlara eksport etmegiň düzümi kämilleşdirilýär. Şeýle hem ugle wodorod önümlerini dünýä baza ryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, ýöriteleşdi rilen daşary ýurt kom paniýalaryny we maýa goýumlary işjeň çekmek babatynda giň gerimli işler ýerine ýetirilýär.

Energiýa serişdeleri öndürilende, ugradylanda we sarp edilinde ýüze çykýan ekologik meselesiniň öňüni almak häzirki döwrüň esasy talaby dyr. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ýaýbaňlan dyrmak, metanyň we ugurdaş gaz laryň zyňyndylaryny azaltmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet ATAMYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy

Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti