Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgazçylara täze tehnikalar gelip gowuşdy
02.01.2024

«Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­naga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da «ga­ra alty­ny» çy­ka­ry­jy esa­sy kär­ha­na bo­lan «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan geo­lo­gi­ýa-göz­leg, buraw­la­ýyş, gu­ýu­la­ry düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len satyn al­nyp, önüm­çi­lik­le­re be­ril­ýän kuw­wat­ly des­ga­lar, aw­tou­lag­lar­dyr dür­li mak­sat­ly teh­ni­ka­lar ne­bit­çi­le­re has-da ýo­ka­ry sep­git­le­ri eýe­le­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazçykaryş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan kuwwatly buldozerleriň birbada 30-sy gelip gowuşdy. Giň gerimli işleri ýokary talaplara laýyk derejede alyp barmaga niýetlenen «TY 160G» kysymly bu täze buldozerleri trestiň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň hünärmenleri hormatly Prezidentimize çäksiz buýsanç we bimöçber hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler. Konserniň Balkanabat şäherindäki Maddy enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň giň howlusynda ir säher bilen tutulan dabara konserniň ýurduň günbatar sebitindäki edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly nebitçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Ozal baglaşylan şertnama laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyndan gelip gowşan bu kuwwatly buldozerler trestiň nebitgazly ýataklaryny özleşdirmekde, ýagny uglewodorod çig malyna baý ojaklardaky dürli desgalarda gurluşyk-gurnama işleri, ýangyç geçirijileriniň gurluşygynda turbalary çekmek we olaryň üstüni toprak bilen örtmek, baýlyklar mesgenlerine barýan ýollary gurmak, ozaldan bar bolan ýollary çäge syrgynlaryndan arassalamak we buraw desgalarynyň oturdylan meýdançalaryny talabalaýyk taýýarlamak ýaly birnäçe möhüm işlerde giňden peýdalanylar.

Täze buldozerleriň garşylanyş dabarasynda çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz ulgamyny ösdürmeklige berýän bimöçber goldawy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra Täze ýylyň hut öň ýanynda gelip gowşan, önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu täze tehnikalara milli däplerimize eýerilip, kümüş saçly enelerimiz ak un sepip, alaja ýüpleri dakyp, üzärlik tüsseletdiler. Nebitgaz pudagynda köp ýyllap zähmet çekip, häzir hormatly dynç alşyň hözirini görýän il sylagly ýaşulular we bu ýere ýygnanan köp sanly nebitçiler täze buldozerleriň möhüm işleri ýerine ýetirijilik mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaradan soň, täze gelen buldozerler ak ýol arzuw edilip, konserniň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryna ugradyldy.

Täze, kuwwatly tehnikalara eýe bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleriniň zähmet toparlary netijeli işlemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda üstünlikli amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti/