Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri täze ýyly batly gadamlar bilen garşylaýarlar
28.12.2023

Tä­ze ýyl — şu gü­ni, gel­je­gi, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri, tä­ze meýilnamalary birleşdirýän baýramçylyk. Taryhyň gatyna girýän 2023-nji ýyl ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin nähili ýyl boldy diýlip soralsa, onuň batly gadamlarynyň, baý mazmunynyň uly üstünlikleri ugur edinip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan uly wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirilendigini ynamly aýtmak bolar.

Milli ykdysadyýetiň esasy daýanjy hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmegiň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi. Şonda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goý­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pakis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­lamak, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmek, täze tehnologiýalary ösdürmek hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmek işleri bar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegiň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de seýsmiki gözleg, geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini aýtdy.

19-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Mary welaýatyndaky «Galkynyş» gaz känine baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz bu gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini, onuň ulanmaga tabşyrylmagynyň Türkmenistanyň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrandygyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hemde ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Öňde goýlan wezipeler nebitgaz pudagynyň işgärlerine hereket etmek üçin ýol görkeziji gollanma öwrüldi.

2023-nji ýylda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ekologiýa meseleleri üns merkezinde saklanyp, nebitgaz ýataklary işlenip taýýarlanylanda, uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda, gaýtadan işlenende, sarp edijilere ýetirilende ekologiýany goramak boýunça kadalary berjaý etmek boýunça anyk çäreler görüldi. Metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak, onuň ýaramaz täsirlerini ýok etmek boýunça çäreler yzygiderli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Dubaýda (BAE) geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Tarapdarlarynyň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň oňa goşulýanlygy barada resmi beýany ekologiýa gün tertibi babatda giň gerimli işleriň netijesine öwrüldi. Biziň ýurdumyz şol borçnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde halkara bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam eder. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynanýaryn diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Türkmen energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek babatda hem 2023-nji ýyly üstünliklere beslenen ýyl diýip atlandyrmak bolar. Munuň şeýledigine Daşkentde geçirilen YHG-niň sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara iberilýän gazyň, elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdanda hem aýdyň göz ýetirildi.

Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň Yragyň wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň jemleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ibermek, satyn almak, satmak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri hakynda Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, Yraga ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri ugradylar.

Taryha girýän 2023-nji ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Balkan welaýatynda Barsagelmez meýdanynda şu ýyl il­kin­ji — 1.32 bel­gi­li ula­nyş gu­ýu­sy­nyň gur­lu­şy­gy­nyň tamamlanmagyny; Mary welaýatynda Şerepli ýatagynda düzümi arassa we halkara ölçeglerine kybap gelýän gazyň täze akymynyň alynmagyny; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik energiýasyny öndürmek üçin täze gazturbinaly desgalaryň ikisiniň ulanmaga berilmegini; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişiniň artdyrylmagyny, В-92 kysymly uçar benzininiň çykarylyp başlanmagyny hem görkezip bolar.

Balkanabatda «Nebitgazylmytaslama» institutynyň döwrebaplaşdyrylan binasynyň açylmagyny hem ýatlap geçeliň. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy noýabr aýynda «Galkynyş», Tagtabazar-I, Uzynada ýataklaryndaky guýulardan gazyň senagat akymlaryny aldylar. Şonuň bilen birlikde, Uzynada ýatagynda buraw işleri üstünlikli tamamlandy hem-de guýularyň üçüsinden gaz kondensatynyň akymy alyndy.

Nebitgazly ýataklarda täze ylmy-tehniki işläp düzmeleri, innowasion tehnologiýalary we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatly çäreler görüldi.

Baýramçylygyň öň ýanyndaky häzirki günlerde pudagyň işgärleri hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Gahrymany Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze 2024-nji ýyl bilen gutlaýarlar.

Goý, Täze ýylyň her bir güni täze üstünliklere beslensin, biziň gazananlarymyz bolsa, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrsyn!

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti