Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmennebit» döwlet konserni ýyly üstünlikli jemleýär
25.12.2023

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyndan» ugur alyp üstümizdäki ýyly şanly zähmet görkezijilerine besleýän senagat toplumlarynyň biri-de «Türkmennebit» döwlet konsernidir. Bu konsern ýurdumyzda iň iri önümçilik-hojalyk pudagy bolmak bilen, Berkarar döwletimizde nebit-gazly ýataklary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär.

Şu ýylyň geçen hasabat döwründe hem konsern boýunça esasy tebigy baýlyklarymyz bolan nebitdir gazyň çykarylyşy artdyryldy. Has takygy, geçen 11 aýda nebitdir gazy göz öňünde tutulan meýilnamadan artyk çykarmagyň hötdesinden gelindi. Şu döwürde hereket edýän guýulardan 3 milliondan gowrak tonna «gara altyn» alnyp, gaýtadan işleýjilere ugradyldy. Bu bolsa meýilnamanyň 111 göterim berjaý edilendigini aňladýar.

Şeýle ýokary üstünliklere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň zähmet toparlary has saldamly goşant goşdular. Işleriň häzirki depginlerem olaryň mundan beýlägem öndürijilikli zähmet çekjekdiklerine bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.

Baýry senagat kärhanasynyň edermen burawlaýjylarynyň hem alynýan nebitiň möçberleriniň artdyrylmagynda mynasyp paýlary bar. Olaryň şu ýylyň geçen 11 aýynyň jemi boýunça gazan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 152 müňden gowrak boldy. Şu görkezijiniň özem geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 12 müňe köpdür. Ýeri gelende aýtsak, geçen döwürde gazuw işleri üstünlikli tamamlanan 34 sany guýynyň 30-synyň ulanyş maksatly guýulardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Bu ugurda konserniň Günbatar sebitdäki Nebitdag, Goturdepe, Körpeje, Ekerem buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylary has tapawutlanmagy başardylar. Netijede, müdirlikleriň guýulary düýpli abatlaýyş toparlary 197 müň tonna derek 210 müň tonna golaý nebiti goşmaça aldylar. Şu oňyn görkeziji hem önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 481-siniň düýpli abatlanylmagynyň hasabyna gazanyldy. Şeýle guwandyryjy sepgitlere ýetilmeginde bolsa konserniň Balkan welaýatyndaky «Türkmennebitgeofizika», «Burnebitgazhyzmat», Gaz toplaýyş we akdyryş müdirlikleriniň, Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň, awtoulag kärhanalarynyň we beýleki önümçilik düzümleriniň goşantlary uly.

Şu günlerde hem üstümizdäki ýyly üstünlikli jemlemäge çalyşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary has-da tutanýerli işläp, Täze ýyl baýramyny mynasyp sowgatlar bilen garşy almagy maksat edinýärler.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»