Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Nebitçileriň hünär baýramçylygy"
15.12.2023

Dekabr aýynyň 14-ne ata-Watanymyzda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Bu hünär baýramçylygy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňden bellenip geçirilýär. Bu şanly gün mynasybetli baýramçylyk dabaralary Balkan welaýatynda hem uly guramaçylykly bellenilip geçildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň S.Nyýazow adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda nebit-gaz pudagynda ýetilen belent sepgitler» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň Balkan welaýatyndaky «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli  edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary,  işjeň işgärleri we hünärmenleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärdeşler arkalyşyklaryň we zenanlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata Hormatly Prezidentimiziň hünär baýramçylygy mynasybetli Gutlagyny ýokary hormat we ruhubelentlik bilen garşyladylar. Maslahatda çykyş edenler  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz ulgamynda we geologiýa pudagynda gazanylan ösüşler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Hünär baýramçylygynyň şanyna sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi we sungat işgärleriň aýdym sazly çykyşlary geçirildi.

Bu dabaraly maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň göreldeli zähmet çekýän, önümçilikde ýokary netijeleri gazanan, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, nebithimiýaçylaryň, hyzmat gullugynyň işgärleriniň birnäçelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan  gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň sowgady bilen sylaglanan işgärleriň arasynda zenanlaryň hem bolmagy bizi has hem buýsandyryar. Çünki biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde gender deňligi ýokary derejede ýöredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle serpaýlary bizi kärimize bolan söýgimizi has-da artdyrýar.

Çykyşlaryň ahyrynda, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynda işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulbibi Şyhyýewa

“Türkmennebit” DK-niň
„Nebitgazburawlaýyş“ trestiniň 
Nebit we gaz guýularyny berkitmek 
boýunça müdirliginiň uly proraby
konserniň zenanlar guramasynyň başlygy