Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz senagatyny yzygiderli ösdürmekde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» anyk wezipeler kesgitlenilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, köpugurly ösüşini üpjün etmekde nebitgaz senagatynyň möhüm orny göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda bu senagat pudagyna ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary batyrgaý ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu bolsa, öz nobatynda, pudakda iň häzirki zaman önümçilikleri döretmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, pudaga innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş hünärmenleri işjeň çekmäge şertleri döredýär. Şeýle tutumlaryň uglewodorod çig malyna baý täze ýataklaryň üstüni açmaga, geologiýa-gözleg we burawlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, tebigy çig mal serişdelerimizi dünýäniň energiýa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini artdyrmaga oňyn itergi berýändigini bellemek gerek.
Nebitgaz pudagynda rowaçlyklara beslenýän köpugurly tutumlar «Türkmennebit» döwlet konserniniň welaýatymyzyň çägindäki tebigy ojaklarda netijeli işleri alyp barýan önümçilik düzümleriniň zähmet toparlaryny, aýratyn-da pudakda öndürijilikli zähmet çekýän ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halal zähmete sarpa goýýan ýaşlar önümli meýdançalarda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işlerinde, ýerasty gatlaklary burawlamakda, guýulary abatlamakda, täze ýataklaryň üstüni açmakda gazanylýan üstünliklere saldamly goşant goşýarlar. Döwlet konserniniň kärhanalarynyň Uzynada meýdançasynda alyp barýan senagat ähmiýetli işleri muňa anyk subutnamalaryň biridir. «Gara altyn» ussatlary bu meýdançany özleşdirmekde belent sepgitlere eýe bolýarlar. Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje we Goturdepe buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylary bu meýdançadaky 74-nji, 83-nji hem-de 76-njy guýularyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, olardan gaz kondensatynyň senagat akymyny aldylar. «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine tabşyrylan bu guýularyň her birinden alynýan gaz kondensatynyň bir gije-gündizdäki möçberi 60 tonnadan geçýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iki sany gazturbina desgasynyň işe girizilmegi hem pudagyň durmuşynda taryhy waka boldy. Önümçilik kuwwaty 70 megawat bolan bu täze desgalar zawodlar toplumynyň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmeginiň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýaşlar üçin täze hemişelik iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.
Asyryň taslamasy adyny alan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa tabşyrylan taryhy gününden bäri her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi ruhubelentlikde garşylaýan pudagyň hünärmenleri bu senagat toplumyny ösdürmekde uly aladalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.