«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «gara altyn» we «mawy ýangyç» gözleýji burawlaýjy toparlary eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 28 ýyllyk toýuny we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.
Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýy Uzynada meýdançasyndan hoş habarlaryň gelip gowşan aýy boldy. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirlikleri tarapyndan 78-nji we 82-nji guýularda gazuw işleri geçirilip, 6 müň 655 — 6 müň 659 metr hem-de 6 müň 654 — 6 müň 658 metr çuňluklardan gaz kondensatynyň akymy alyndy.
Golaýda Uzynada meýdançasyndaky 74-nji guýuda Körpeje buraw işleri müdirligi tarapyndan gazuw işi geçirilip, 6 müň 662 — 6 müň 668 metr çuňlukdan ýene-de gaz kondensaty alyndy. Şeýle-de 76-njy hem 83- nji guýularda özleşdiriş işleri alnyp barylýar.
Uzynada meýdançasy Garaşsyzlyk ýyllary içinde ady ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň taryhyna giren hazynaly ýerleriň biridir. Bu ýeri senagat taýdan özleşdirmek boýunça ilkinji işler geçen asyryň 70-nji ýyllarynda amala aşyrylýar. Ýöne uglewodorod doýgunly gatlaklar ýüze çykarylmansoň, 4 müň 213 metr çuňluga çenli gazylyp, iş togtadylýar. 2015-nji ýylda nebitçi alymlardyr geologlaryň ynamly pikirleriniň esasynda, bu meselä gaýtadan dolanyp gelnip, taslama çuňlugy 7 müň 150 metr bolan 7-nji gözleg-barlag guýusynyň gazuw işleri başlandy. Aradan iki ýyl geçenden soňra gazuw işi üstünlikli tamamlanyp, 6 müň 689 — 6 müň 695 metr aralykdan uglewodorod çig malynyň ýokary akymy alyndy. Soňra bu ýerde ýene iki guýy gazylyp, nebitçileriň azaby ýerine gowuşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýyl hazynalar mesgeninde bolup, işleriň gidişi bilen gyzyklanmagy «gara altyn» ussatlarynda uly ruhubelentlik döretdi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri Uzynadadaky 11-nji gözleg guýusynyň gazuw işlerini üstünlikli amala aşyrdylar. Bu gözleg guýusy önümçilik taýdan synag edilende, aşaky gyzyl reňkli gatlaklardan uglewodorod çig malynyň akymy alyndy.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň arkalaşykly işlemegiň nusgasyny görkezýän kärhanalary özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödemek üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Uzynada meýdançasynda alnyp barylýan ýokary depginli işlerem munuň bir mysalydyr.
Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni.
Çeşme: "Nebiy-gaz" gazeti.