Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen nebitgaz ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň defektoskopiýa topary hem döwrebap talaplara laýyk gelýän göçme laboratoriýa bilen üpjün edilip, edaralaryň we müdirlikleriň ýörite sargytlary esasynda işleri alyp barýar.
Buraw desgalarynyň we enjamlaryň näsazlyklaryny, gaz we nebit geçiriji turbalaryň galyňlygyny barlamak, rentgenogramma usuly bilen kebşirleýiş işleri geçirilen turbageçirijileriň kebşirlenen ýerlerindäki kemçilikleri anyklamak mümkinçiligi bolan bu laboratoriýanyň barlaglary metallar üçin zaýalanmak, poslamak howpuny döretmezden geçirilýär. Rentgen şöhleleri arkaly turbalardaky jaýryklaryň emele gelmeleri, kebşirlenende bärden gaýtmalar, ergin metalyň turbanyň boýuna doly akyp bilmezligi netijesinde döreýän tümmejikleri, olaryň arasynda boşluklaryň emele gelmesi ýaly, önümçilige zyýan getirip biljek ýagdaýlar anyklanylýar.
Gamma defektoskoplar metallaryň kebşirlenip birleşdirilen ýerlerinde ionlaşdyryjy şöhleleriň kömegi bilen radiografik gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki defektoskoplardan tapawudy onuň işleýiş aýratynlygy bolup durýar, ýagny enjamlar, turbalar ultrases şöhlesi bilen däl-de, gamma ses şöhleleri bilen işleýär. Gamma defektoskopiýanyň bir nokada gönükdirilen şöhleler bilen ýa-da giňişleýin şöhlelendirmek usulynda hem anyklamak mümkinçiligi bar.
Defektoskopçylar Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, ýörite iş eşikleri, zyýanly şertlerde zähmet çekýändikleri üçin ýeňillikler, işde zerur bolan usuly materiallar bilen üpjün edilýär. Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagyň ýeke-täk ulgamyna laýyklykda, bilim barlagyndan geçýärler. Her ýylda defektoskopçy bilen işleýän hünärmenler hökmany lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär.
Olara iş ýerinde uly talaplar bildirilýär, ýagny olar hereket edýän zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini gowy bilmek, iş wagtynda ünsli bolmak, ýerine ýetirýän işiniň möhümligine düşünmek we jogapkärçilikli bolmak, başga-da hemişe öz bilimiňi, tejribäňi ýokarlandyryp durmak, baýry işgärler bilen bilelikde önümçiligi ýokarlandyrmaga ýardam etjek mümkinçilikleri öwrenmek ýaly talaplardyr.
Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň defektoskopiýa toparynda Andreý Apunik, Rejepmämmet Söýünow, Bahar Berdiýewa ýaly birnäçe tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluna uly üns bermegini görelde edinýän defektoskopçy hünärmenler hem hemişe ýaş hünärmenlere halypalyk edip, önümçiligiň zerur işgär düzümi bilen üpjün edilmegine öz goşantlaryny goşýarlar.
Baýramsoltan GURBANOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti