Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ylym üçin serhet ýokdur
08.11.2023

Adamzat jemgyýeti döräli bäri şu günki güne çenli ähli zatlar kämillige tarap ösýär. Her bir zadyň özgerip ösmegi bolsa ylym bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Ylym älemine ynsan durmuşyna ýagtylyk berýän röwşen çyrag diýsek hem ýalňyşmasak gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň soňky gazananlaryny nebitgaz pudagyna, oba hojalygyna, lukmançylyga we beýleki ugurlara ornaşdyrmak, hususan-da, ylmyň öz ösüşi üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselesine öwrüldi.

Dünýä ylmynyň gazananlaryny döwletimizde ornaşdyrmak üçin daşary ýurtlar bilen ylmy-tehniki gatnaşyklary alyp barmak, öz işinden kämil baş çykarýan ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde her ýylda dürli ugurlar boýunça geçirilmesi däbe öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatlarda daşary döwletleriň alymlary bilen bir hatarda ylym bilen meşgullanýan ildeşlerimiz özleriniň gazanan üstünliklerini äşgär edip, özara pikir alyşýarlar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika pudagyny hem ösdürmek üçin, ilki bilen, öňde goýulýan meseleleriň ylmy çözgütlerini tapmak wajyp bolup durýar. Onuň üçin bolsa islendik pudakda her bir meselede ylmy esaslandyrylmalara üns berilýär.

«Nebitgazylmytaslama» institutynda hem nebitgaz pudagynyň dürli ugurlary boýunça ylmy esaslandyrmalary tapmak ugrunda saldamly işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, institutymyz tarapyndan täze nebitgaz känleriniň gözlegi, olaryň agtarylyşy ugrunda alnyp barylýan hem-de ulanylýan nebitgaz känlerinde täze guýulary burawlamak üçin guýularyň gurluşygyny taslamalaşdyryş we burawlamanyň döwrebap tehnologiýasyny işläp taýýarlamak işlerini getirmek bolar. Şeýle hem nebit we gaz känlerini işläp geçmek ugrunda nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek, känlerde ulanylýan guýularyň sanyny artdyrmak, işläp duran guýularyň netijeli işlemegini ýola goýmak, guýulardan alynýan önümleri turbageçirijiler arkaly akdyrmak, nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we ýenede beýleki birnäçe ýerine ýetirilýän işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ylym bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize ylym işgärleriniň hoşallygy çäksizdir.

Seýdek KERWENOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme laboratoriýasynyň müdiri.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti