Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Nebit we gaz uniwersitetinde Awaza forumynyň taryhy ähmiýetini bellediler
05.09.2025

Geçen aýyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMGniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda bu döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024—2034nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hemde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi dünýä ähmiýetli taryhy waka boldy.

Wekilçilikli forumyň çäklerinde BMG niň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň guramagynda birnäçe ugurdaş çärelere giň orun berlip, olarda bu döwletleriň ykdysadyýetlerini ösdürmek, durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususanda, DÇBÖBD niň durnukly infrastrukturasyny döretmäge, bu ugurda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemde bökdençsiz üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermäge bagyşlanan ýokary derejedäki «tegelek stoluň»başyndaky söhbetdeşlik aýratyn bellärliklidir.

Çünki bu duşuşygyň wezipesi DÇBÖBD niň infrastrukturasyny maliýeleşdirmek üçin bilimleri, tejribelerdir innowasion çemeleşmeleri alyşmakdan, onuň durnuklylygyny üpjün etmekden, ulag ulgamynda bu ýurtlara halkara goldawy giňeltmek hemde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Halkara forumynyň eziz Diýarymyzda geçirilmeginiň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginde hem uly many mazmun jemlenýär. Munuň özi halkara ähmiýetli çärä aýratyn diplomatik many berdi.

Leýla PÄLIWANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Çeşme: «Nebit – gaz» gazeti