Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Aşgabat OGT 2025 energetika forumyna uly göwrümli taýýarlyk görýär
08.09.2025

Aşgabatda 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisine uly taýýarlyk alnyp barylýar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň işjeň hasaba alynýandygyny we sergi meýdançalarynyň dolulygyna eýelenendigini we bu ýagdaýyň forumyň ähmiýetini hem-de sebitdäki energetika ulgamynyň esasy wakalarynyň biri hökmünde onuň ornuny nygtaýandygyny belleýärler.

Takmynan, 40 ýurtdan 300-den gowrak halkara wekiller özleriniň gatnaşygyny tassykladylar, bu bolsa çäräniň dünýä derejesindäki gyzyklanma eýediginiň subutnamasydyr. Ähli sergi meýdançalary çäräniň başlanmagyndan birnäçe aý öňünden bellenildi, bu hem OGT-niň Ýewraziýa sebitinde öňdebaryjy B2B-B2G meýdançasy hökmünde derejesini tassyklaýar.

Maslahatda energiýa pudagynda dünýä derejesindäki abraýly spikerler çykyş eder: Andrea Steýjer – Halkara Gaz Bileleşiginiň prezidenti, şeýle hem Bütindünýä Gaz Merkeziniň (GGM) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukron.

Çäräniň gatnaşyjylary bütindünýä energetika geçişi, uglewodorod zyňyndylaryny azaltmak we uglewodorodlary gazyp almakda emeli aňyň ornyny, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň indiki tapgyrlaryny, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Hazar deňziniň türkmen böleginde şelf bloklarynyň özleşdirilmegini, şeýle hem Gün we ýel energiýasy boýunça taslamalar we şol sanda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gibrid elektrik bekedi barada ara alyp maslahatlaşarlar.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, forum maýa goýujylar, döwlet düzümleri we innowasion kompaniýalar üçin öňdebaryjy meýdança hökmünde çykyş edip, gepleşik, hyzmatdaşlyk we täze strategik çözgütler üçin amatly şertleri döreder.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti