
Halkara ynanyşmak we parahatçylyk ýyly döwlet hem-de halkara derejesindäki şanly wakalary, ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen buýsandyryjy döwrümize şaýat bolup dowam edýär. Şanly ýylda halkymyzyň abadan durmuşyny has-da gowulandyrmak maksady bilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim, terbiýeçilik, saglyk edaralary, önümçilik kärhanalary we beýleki düýpli gurluşygyň möhüm desgalary ulanylmaga berildi. Her bir baýramçylygy zähmet sowgatlary bilen garşylamagy dessura öwüren halkymyz mukdaddes Garaşsyzlygymyzy hem uly üstünlikler bilen garşylaýar. Bilşimiz ýaly, ýylyň ýylyna Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Halk Maslahatynyň çözgütleriniň ata-baba arzuwlanyp ýetilen beýik Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmakda esas bolup durýandygyny turuwbaşdan bellemelidir. Ähliumumy mejlis eýelenen beýik sepgitleri seljermek, jemlemek bilen, öňde duran wezipeleri kesgitleýär we oňa badalga bermäge şert döredýär.
Aslynda türkmen halky döwletli işiň, il-ulus bähbitli uly tutumyň başyna baranynda ony maslahat bilen, sylag-hormatly ýaşulularyň, durmuş tejribesi ýetik köpi gören, agyr-ýeňilleri başdan geçiren adamlaryň geňeşiniň çykaran karary, gelen netijesi bilen başlapdyrlar. Ata-babalarymyzyň ,,Ýedi ölçäp bir kes’’, ,,Maslahatly biçilen don gysga bolmaz’’ ýaly çuň paýhasa eýlenen dana pikirleri sala salnyp bitirilen işiň köstüniň galmaýandygynyň gysga sözlerdäki beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda synaglardan geçen asylly ýörelgeler döwam edýär. Çünki bu ýörelgeler halkymyzyň isleg-arzuwlaryndan gözbaş alýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi, onda Halk Maslahatynyň mejlisine, şanly senelere, hususan hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramçylyklaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredilmegi ýokarda aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy nebitgaz toplumynda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar, bu ähliumumy mejlisiň ýurdumyzyň durmuşynda tutýan orny, onuň ähmiýeti bilen bagly duşuşyklar, maslahatlar, ,,tegelek stollar’’ geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda gazanylan ýokary netijeler sanardan köp. Ony islendik ugurda görmek bolýar. Toplumlaýyn özgerdilýän ýurdumyzda ilatyň abadançylygyna, ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň gerimi barha giňeýär. Garaşsyzlygyň miwesi bolan bu beýik tutumlaryň amala aşyrylmagynda nebitgaz senagatynyň ähmiýeti uludyr. Şundan ugur almak bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üns-aladalary bilen nebitgaz toplumy batly depginlerde ösdürilýär, täze iri taslamalar durmuşa geçirilýär, öň bar bolan önümçilikler döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna getirýär. Netijede milli ykdysadyýetimiz öňküden-de pugtalanýar.
Nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyndaky, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde hem nygtalýar. Möhüm pudaklary pugtalandyrmak umumy ösüşi gazanmagyň baş şertidir.
19-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem ýurdumyzyň, ähli ulus-ilimiziň bähbidine gönükdirilen çözgütler kabul ediler, halkymyzyň durmuşyny öňküden-de gowulandyrmak barada öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Bullaryň hemmesi Türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrar, adamlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrar, olaryň agzybirligini pugtalandyrmak bilen, Türkmen Halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna berk jebisleşdirer.
Mämmet Mämmedow, ,,Türkmennebit’’ döwlet konserni, žurnalist.