
Bu tehnologiýanyň esasynda işleýän 3D ölçeglerde «çapediji» robotizirlenilen modully gurluşyk ulagy şäherçelerde, obalarda we beýleki az ilatly nokatlarda bir we iki gatly dürli niýetlenilişli adaty we adaty däl binagärlik çözgütli raýat desgalaryň, binalaryň gurluşyk işçi prosesleriniň operator adamyň minimal gatnaşmagynda ýada dolulygyna awtonom ýagdaýda ýerine ýetirilmeginde ulanylyp bilner.
Gurluşyk obýektleriniň taslamalary çyzgy we nusgalyk model görnüşinde ýöriteleşdirlen programma üpjünçilikleriň (mysal üçin: AutoCad, 3DMax; CivilProwe ş.m.) kömegi bilen taýýarlanylýar. Bir we iki gatly dürli niýetlenilişli obýektler az ilatly nokatlarda giňden ýaýrandyr we olara bolan islegler has hem ýokarlanýar. Müşderi elektron maglumatly bazadan göwnüne ýaramly bolan binagärlik çözgütli obýekti saýlap, onuň gurulmagyny sargyt edip bilýär. Robotizirlenilen modully gurluşyk ulagyň iki sany görnüşi bar, olar kerpiji örmek arkaly «çap ediji» hemde goýy haldaky kompozit betony guýmak we guratmak arkaly «çap ediji» gurluşyk ulaglarydyr. Operasiýanyň dowamynda iki sany sürüji mehanik operatory talap edilýär, ýagny bir sany operator robotizirlenilen modully gurluşyk ulagy sürmek we işe girizmek üçin niýetlenilen, ýenede bir operator harç edilýän gurluşyk materialy getiriji ulagy sürmek üçin niýetlenilendir. Desganyň «çap ediliş» prosesi dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr we lokal ýada awtonom işçi kadada işlemäge ukyplydyr.
Ylmy işiň netijeleri ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda ornaşdyrylan ýagdaýynda adam zähmet güýjüniň tygşytlanylmagyna, ýerine ýetirilýän gurluşyk prosesleriň tizlik we hil häsiýetnamalarynyň ýokarlandyrylmagyna, maliýe, material çykdajylaryň kemelmegine, şeýle hem ýurdumyzyň senagat, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Mahmut Haýdarow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti