Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetinde Bilim güni mynasybetli çäre geçirildi
03.09.2025

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni gerimde ýaýbaňlandyryldy. Oňa nebitgaz toplumynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGUnyň ýolbaşçylary, işgärleri, mugallym larywe talyplar köpçüligi gatnaşdy.

Bu ýerde bolan çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli ylym bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär, oňa jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläkde ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakykwatançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimize ösüp gelýän ýaş nesil barada hemme taraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGUnyň «Bilim daragty» meýdançasynda bu ýokary okuw mekdebiniň «Gara altyn» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeňleriniň çykyşy baýramçylyk şowhunynyň täsirini artdyrdy.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti