«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlik bilen işleýän zähmet köpçüliginde her bir işde halypa gazçylaryň göreldesine eýerilýändigini, ýaş hünärmenleriň öz hünär ussatlyklaryny artdyrmaklarynda baý iş tejribesine eýe bolan işgärleriň möhüm ornunyň bardygyny edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.
«Ata kesbi — ogla halal» diýlen parasatly ýörelgä eýerip, halypa gazçylaryň biri bolan Sapar Babaýewiň zähmet ýoluny mynasyp dowam etdirýän tejribeli gazçy Bekdurdy Babaýewiň baştutanlyk edýän bu edarasynda näsazlygy habar beriş, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş hem-de daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylara gözegçilik gulluklaryna Myrat Otuzbaýew, Muhammetmyrat Kakaýew, Guwanç Saryýew ýaly tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmegi munuň aýdyň güwäsidir. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde etrapda dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlarynyň bolsa üç ýüz kyrka golaýyna ýokary derejede gözegçilik edilip, Boldumsaz şäherinde we oba ýerlerinde ýaşaýan on üç müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
— Edaramyzyň baý iş tejribeli agzybir zähmet köpçüligi bar. Bu ýerde daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik edýän gullugymyzyň gazçylary hojalyklara hem-de edara-kärhanalara barýan gaz ulgamlarynyň saz işlemegine gözegçilik edýän bolsalar, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş gullugynyň işgärleri ilat arasynda bolup, ýaşaýyş jaýlaryndaky gaz enjamlaryny gözden geçirip, zerur bolan halatynda abatlap durýarlar. Eger «mawy ýangyjy» ulanyjylaryň gaz enjamlarynda näsazlyk ýüze çykaýan ýagdaýynda bolsa edaramyzyň näsazlygy habar beriş gullugynyň işçi-hünärmenleri ony gyssagly düzetmek bilen, il alkyşyna mynasyp bolýarlar — diýip, «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy В.Babaýew hoşallyk bilen aýdýar.
Geçen ýylda edaranyň gazçylary tarapyndan etrabyň Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginiň Birleşik obasynda öň bar bolan göwrüminiň ölçegi 76 millimetrlik gaz geçirijisiniň bir müň iki ýüz metr ýeriniň durkunyň 114 millimetrlik ululykdaky gaz geçirijisi bilen täzelenmegi, şeýle hem täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň abadanlyk we Täze zaman obalarynda emele gelen täze maşgalalara uzynlygy iki müň metre golaý bolan gaz eltiji ulgamlaryň çekilmegi netijesinde şol ýerde ýaşaýan ilatyň tebigy gaza bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredilipdir. Bu ugurda alnyp barlan işlerde edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň bejeriji slesarlary Mämmet Kerimow, Allanazar Haýydow, Guwanç Orazmedow, Hemra Amanow, elektrik bilen kebşirleýji Orunbaý Saparbaýew we gaz bilen kebşirleýji Ýusup Paltaýew dagynyň öwgä mynasyp işleri alyp barandyklaryny gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri Ş.Kulbaýew gürrüň berýär.