Nebitiň genetiki tebigatyny we onuň emele geliş şertlerini öwrenmek birnäçe döwre bölünýär. XX asyryň 50-nji ýyllarynda dünýäde dürli suw howdanlarynyň (köl, aýlag, deňiz, umman) çökündilerinde nebit uglewodorodlarynyň açylmagy bilen rus alymy A.Gorskaýa, amerikan alymy F.Şmit tarapyndan 5-nji döwür başlanýar. Ilkinji organizmlerde, çökündileriň we jynslaryň organiki maddalarynda hem-de känlerden alnan dürli nebitlerde uglewodorodlaryň we olaryň biohimiki deslapkylarynyň (progenitor) molekulýar düzüminiň düýpli öwrenilmeginiň netijesinde nebitiň enelik maddasynyň biogen tebigaty barada ynandyryjy subutnamalar alyndy. Hakykatdan-da, biogen tebigaty bolan örän özboluşly, köplenç, çylşyrymly gurlan molekulalar gurluşlaryň — hemofissiliniň nebitiň düzüminde tapylmagy babatda has-da möhüm açyş boldy. Nebitiň litogenez netijedigi hem anyklandy.
Nebit suwda çöken çökündilerde organiki maddanyň (kerogeniň) önümleriniň filizasiýalaşan (jaýlaşdyrylan) girofet fazasyndan ybarat bolan suwuk zatdyr. Nebitiň emele gelşi uzak, köp million ýyla çekýän proses bolup, birnäçe döwre bölünýär. Taýýarlaýyş döwründe biohimiki we biokatalitik faktorlaryň täsiri bilen enelik dag jynslarynda diffuz halda pytran nebit (mikronebit) emele gelýär. Baş döwürde bitumlaşma netijesinde, mikronebitiň esasy bölegi emele gelýär, ol «bişip ýetişýär», düzümi boýunça hakyky nebite golaýlaşýar, soňra ýerasty dag jyns gatlaklarynyň boşluklarynda, ondan soň garymlara geçip toplanýar.
Enelik dag jynslarynyň sorup alyş göwrümleriniň kiçelmegi, içki basyşynyň artmagy we toýunlaryň degidratasiýalaşmagy netijesinde suwuň bölünmegi artyp, mikronebitiň golaýdaky boşluklara we geçirijilere geçişi has tizleşýär. Nebit boşluklardan geçirijiler arkaly garyma geçende, hemişe ýokarlygyna galýar. Şonuň üçin nebitiň aňryçäk gorlary ony emele getirýän baş tapgyryň döredýän zolagyndan has ýokarda duşýar. Nebit çuňluklarda, ylmy maglumatlara görä, toplumlar görnüşinde dürli möçberde (birnäçe millimetr kubdan onlarça milliard kuba çenli) duşýar.
Gazylyp alynýan peýdaly ýerasty tebigy baýlyk hasaplanýan çig nebit, ugurdaş we tebigy gaz hem-de kondensat (gazolin), umuman, düzüminde uglerod bilen wodorodyň çylşyrymly himiki birleşmelerden we gaýry komponentlerden durýanlygy sebäpli ylymda ol uglewodorodlar diýlip atlandyrylýar.
Nebit reňki boýunça diňe gara däl, eýsem, reňksiz (ak), gyzylymtyl-goňur, ýaşyl, sary reňklerde bolup bilýär. Häzirki güne çenli çig nebitiň we gazyň ýeriň jümmüşinde emele gelşi barada anyk esaslandyrylan ýeke-täk ylmy tassyklamanyň ýok bolşy ýaly, nebitiň Ýer togalagynda näme üçin dürli reňkde bolýanlygyna hem anyk jogap ýokdur. Elbetde, nebitiň reňkiniň dürli bolmagy, onuň emele gelme tebigatyna, ösümlik dünýäsine baglydygyny görkezýär. Mysal üçin, horezmli tebigaty öwreniji Muhammet Ibn-Najib Bekran öz kitabynda ýaşyl nebitiň Derbentde, ak nebitiň Bakuda we Mukanade, gara nebitiň Balkan sebitlerinde — Nebitdag, Çeleken ýataklarynda bardygyny ir döwürde ýazypdyr.
Uglewodorod önümi bolan nebit we gazyň hem-de bu çig maldan önýän beýleki önümleriň atlarynyň döreýşiniň müňýyllyk taryhy bar.
Nebit (parsça «neft», türkçe «neft» sözlerinden) — ýeriň çökündi gatlagynda ýaýran gazylyp alynýan möhüm baýlyklaryň biri bolan, özboluşly ysly, ýanyjy ýagjymak suwuklyk. Gaz şekilli uglewodorodlar bilen bilelikde nebitiň ýerasty çuňluklarda emele gelşiniň baş zolagynyň ýokary araçägi 1,3 — 1,7 kilometrden (ortaça geometrik gradiýenti + 40/100 m.),
2,7 — 3 kilometr (gradiýenti + 20/100 m.) çuňluga ýetýär. Nebit känleriniň başlangyç çuňlugy 0,5 — 1,3 kilometr aralykda we nebit has uly çuňluklarda hem senagat möçberde duşýar, emma iň köp gorlarynyň dünýä möçberinde 1,8 — 3,4 kilometr çuňluklarda duşýanlygy barada maglumat bar.
Nebit himiki düzümi boýunça hem dürli-dürlüdir. Şoňa görä-de, nebitiň ortaça düzümi, ýagny element düzümi: С — 82,5 — 87%-e; H — 11,5 — 14,5%-e; S — 0,001 — 5,3 %-e çenli hasaplanýar. Emma dünýäde çykarylan ähli nebitiň 1/3 bölegi çemesindäkiniň düzüminde kükürdiň mukdary 1%-den köpdür.
Rus akademigi I.W.Weýtbreht 1732-nji ýylda adamlary we haýwanlary käbir kesellerden bejermekde çig nebiti ulanmak barada ylmy iş ýazýar. Bu ýazgy ylym ulgamynda ýazylan ilkinji ylmy iş hasaplanýar.
Dünýäniň ýangyç-energetika ulgamynda nebit öňdäki orunda durýar. Energiýa serişdeleriniň umumy ulanylyşynda uglewodorodlaryň paýyna düşýän möçberi dyngysyz artýar.
Ýakyn ýyllarda nebit bazarynyň geljegi baradaky çaklamalara esaslansaň, çig nebitiň satylyş nyrhynyň durnuksyzlygyna garamazdan, dünýäde nebitiň sarp edilişi 2022 — 2023-nji ýyllarda 4 milliard tonna golaýlaşan hem bolsa, 2025 — 2026-njy ýyllarda 5 milliard tonnadan geçer diýlip çaklanylýar.
Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.