Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
ADNOC

Abu Dhabi National Oil Company (ADNOC) Abu Dabiniň milli nebit kompaniýasydyr. BAE-de iň uly kompaniýa we önümçilik boýunça dünýäde 11-nji uly nebit kompaniýasydyr.

ADNOC 1971-nji ýylda esaslandyryldy we dünýäde öňdebaryjy energiýa öndürijilerinden biridir. Kompaniýa günde 4 million barrelden gowrak nebit we takmynan 11,5 milliard m3 tebigy gaz öndürýär we uglewodorod gymmaty zynjyrynyň üsti bilen doly birleşdirilen gözleg, önümçilik, saklamak, gaýtadan işlemek we marketing kärhanalarynyň ulgamy arkaly işleýär we köp sanly nebithimiýa önümlerini öndürýär.

Kompaniýa Ruwais we Umm al-Nar-da 2 nebiti gaýtadan işleýän zawodda işleýär.

ADNOC-nyň ýokarky, orta we arassalaýyş tapgyrlarynda 18 golçur kärhanasy bar.

ADNOC gury ýerde we deňizdäki gaz ýataklaryny özleşdirýär.

Resmi web sahypasy: www.adnoc.ae