Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hyundai korporasiýasy Pariždäki maýa goýum forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
01.04.2024

Hyundai Engineering koreý korporasiýasy aprel aýynda Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça TIEF 2024 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy. Bu kompaniýa eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýar.

Günorta koreýaly işewürleriň üns merkezinde – ägirt uly gaz gorlary bolan “Galkynyş” gaz käni. Bu kompaniýa bu kände işlemekde tejribesi bar. 2013-nji ýylda Hyundai Engineering bu ýerde gazy kükürtden arassalamak boýunça desga gurdy.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynda Gyýanly toplumyny gurmaga gatnaşanlygy üçin kompaniýa ekologiýa taýdan iň arassa taslamalaryň birini durmuşa geçirendigi mynasybetli baýraga mynasyp boldy. Beýleki iri kompaniýalar bilen birlikde, Hyundai Engineering ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmek boýunça bu gaz himiýa toplumynyň gurluşyny tamamlady.

Günorta koreý korporasiýasynyň Pariždäki energetika maýa goýum forumyna gatnaşmagy iri maýa goýum tasmalarynyň durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini aňladýar.