GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
04.07.2026

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we halkara tejribeler esasynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň hereket edýän käbir kodekslerine we kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alyşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan guralan okuw maslahatyna, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geçiren maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-de, Awstriýa Respublikasynda iş saparlarynda boldular. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimihamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we geljekki çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Wise-premýerler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hem hödürlediler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabatlary diňläp, hödürlenen teklipleri makullady we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.