GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklibi makullady
04.07.2026

3-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Guwanç Agajanowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklibini makullady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, onuň garamagyndaky önümçilikleri zerur serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.