24-nji iýunda Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» (THE) žurnaly tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 17-sine goşýan goşandyny bahalandyrýan THE Sustainability Impact Ratings 2026 dünýä reýtinginiň netijeleri yglan edildi.
Şu ýyl THE Sustainability Impact Ratings reýtingine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti girizildi. Bu bolsa ýurtda durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti aşakdaky görkezijilere eýe boldy:
- DÖM 4 «Ýokary hilli bilim» — dünýäde 401–600-nji orun (Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň gowy görkeziji);
- DÖM 7 «Elýeterli we arassa energiýa» — 601–800-nji orun;
- DÖM 9 «Senagat, innowasiýa we infrastruktura» — 601–800-nji orun;
- DÖM 17 «Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» — dünýä reýtingine girizildi.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende uniwersitet SDG 4, SDG 7 we SDG 9 ugurlary boýunça öz görkezijilerini gowulandyrdy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji ýyldan bäri, ýagny yzly-yzyna bäşinji ýyl, bu abraýly halkara reýtinge üstünlikli gatnaşyp, bilim, ylym, innowasiýa we halkara hyzmatdaşlygy ugurlarynda gazanan ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.
Şu ýyl reýtingine dünýäniň 116 ýurdundan we sebitinden 1 646-a golaý ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Jemleýji reýtinge girizilmek üçin uniwersitetler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan dördüsi boýunça maglumat hödürlemeli bolup, olaryň arasynda SDG 17 – «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk» hökmany görkeziji bolup durýar.







