03-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Tähranyň iki goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen «Mehrabad» Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni «Saadabad» toplumynyň «Serwestan» köşgüne ugrady. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Prezident Masud Pezeşkian belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Masud Pezeşkiana iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Goňşy ýurduň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly we işjeň häsiýetine ünsi çekdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýakyn goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzy hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigi bellenildi. Mizemez erk-islege daýanýan bu gatnaşyklar özara ynanyşykly hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy.
Mohammad Galibaf Gahryman Arkadaýgymyzy eýran topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýetini belledi.
Gahryman Arkadagymyz türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän döwletara dialogyň häzirki ýokary derejesini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde belläp, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Söhbetdeşler türkmen we eýran halklarynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň we Eýranyň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna saparynyň dowamynda eýran tarapynyň haýyşy boýunça Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Asyrlarboýy goňşy ýaşap, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan iki doganlyk halky medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň özi syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Eýranyň iri teleýaýlymynyň žurnalistiniň türkmen halkynyň Milli Lideri bilen söhbetdeş bolmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň we oňa uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy matam çäresiniň geçiriljek ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi. Metjitde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Hormat garawulynyň ýerine ýetirmeginde resmi saz çalyndy. Soňra mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna saparyny tamamlap, Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary däp bolan dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň, mizemez doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi.







