Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa we ýurduň ähli halkyna ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.







