Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň futbol toparynyň wekilleri Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyryldy
15.03.2024

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki «Ahal» futbol toparynyň 7 futbolçysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy bilen geçiriljek iki duşuşyk üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyryldy.

Olar derwezeçi Rüstem Ahallyýew, goragçylar Ata Geldiýew bilen Hakmuhammet Bäşimow, ýarymgoragçylar Döwran Hojamämmedow, Ýazgylyç Gurbanow, Meýlis Diniýew hem-de hüjümçi Alibek Abdyrahmanowdyr.

Türkmenistanyň we Eýranyň futbol ýygyndylary 21-nji hem-de 26-njy martda iki duşuşyk geçirerler. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi Tähranda, ikinjisi Aşgabatda bolar.