GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär
19.08.2026

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda nebitiň hem-de tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Nebit we gaz gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýöriteleşdirilen nebitgaz gözleg ekspedisiýalary amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär.

Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň hatarynda diňe bir täze ýataklary açmak däl-de, eýsem ozal açylan ýataklary özleşdirip ulanyşa girizmek, känleri rejeli işläp taýýarlamak we olardan nebitiň hem-de gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem durýar.

Şu ýyl nebitgaz pudagynda birnäçe ähmiýetli waka boldy: Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy bellenilip geçildi, şeýle hem dünýädäki iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Dördünji tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk tebigy gazy taýýarlaýan desgalary gurmak, şeýle hem degişli gaz guýularyny burawlap ulanyşa girizmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen täze ýataklary gözlemek we açmak, olary özleşdirmek, daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem sanly tehnologiýalar esasynda häzirki zaman enjamlaryny ulanyp geologiýa-gözleg işlerini geçirmek boýunça işler uly depginde alnyp barylýar.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti