GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkan welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça maslahat geçirildi
19.08.2026

Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Golaýda taryhy mejlise taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýörite maslahat geçirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisini ýokary guramaçylyk derejede garşylamak, onuň ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek we öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda Halk Maslahatynyň halkymyzyň demokratik ýörelgeleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gönüden-göni gatnaşmagynyň aýdyň nyşanydygy bellenildi. Şoňa görä-de, her bir jemgyýetçilik guramasynyň bu möhüm syýasy waka ýokary guramaçylyk taýýarlygyny görmelidigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan giň göwrümli özgertmelerini doly goldap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.