«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň düzümindäki «Ýylanly» önümçilik edarasynda tejribeli gazçylaryň ýaş hünärmenler bilen duşuşyklary hem-de önümçilik tejribelikleri geçirildi. Bu çäreler tejribe alyşmak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Şeýle halypa-şägirtlik tejribesi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 15-nji iýulda Aşgabatda geçirilen mejlisinde bellän wezipeleriniň ugrunda ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda ýaşlar syýasatyny ösdürmegiň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.
Duşuşyklar we tejribelikler soňky ýyllarda gaz geçiriji müdirliginiň kärhanalaryna işe gelen ýaş hünärmenlerde uly täsir galdyrdy. «Ýylanly» önümçilik edarasyndaky gaz gysyjy stansiýanyň gullugynyň inženeri Güýçgeldi Käbäýew, şeýle hem şol gullugyň dispetçerleri Kemal Toýlyýew bilen Tirkeş Babaýew ýaş hünärmenlere öz işleri barada gürrüň berdiler. Ýaşlar gaz kabul ediji, gaz gysyjy hem-de sazlaýjy enjamlaryň işleýşi, şeýle hem zähmet toparynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyş boldular.
«Ýylanly» önümçilik edarasy welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda, türkmen gazyny dünýä bazaryna çykarmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolan Baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýär. Edara «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Çöllük» gaz gysyjy desgasyndan gelýän tebigy gazy kabul edýär. Gaz güýçlendirilip, arassalanandan soň, günbatarda ýerleşýän «Derýalyk» gaz gysyjy stansiýasyna geçirilýär. Edaranyň işgärleri ýerli ilaty tebigy gaz bilen üpjün edýärler. Olar türkmen gazynyň daşarky bazarlara bökdençsiz iberilmegini halkara hil talaplarynyň derejesinde saklaýarlar.
Gaz gysyjy, gaz paýlaýjy hem-de gaz geçiriji kuwwatlyklary, şeýle hem gurluşyk zerurlyklary üçin kislorod öndürýän desgany özünde jemleýän edarada 340-a golaý işgär-hünärmen zähmet çekýär. Kislorod öndürýän desga «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gurluşyk bölümleriniň alyp barýan gurluşyk-gurnama işleriniň depginine oňyn täsir edýär. Bu ýerde sagatda 50-ä golaý kub metr kislorod öndürilip, ýörite gaplara doldurylýar we müdirligiň ýerlerdäki kärhanalaryna iberilýär. Önümiň ýokary hilini howa arassalaýjy, gysyjy we bölüji, kislorod gaplaýjy, kislorod ballonlaryny abatlaýjy bölümler hem-de himiki barlaghana üpjün edýär.
Ýaş hünärmenler şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandylar.
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň ýaş hünärmenleri Parahat Ballyýew, Jennet Arazgylyjowa, Dursunjemal Saparmyradowa, Madina Ýusupowa, Zebahan Hudaýbergenowa we Aýlar Sapargeldiýewa «Ýylanly» önümçilik edarasyndaky häzirki zaman önümçilik işleri bilen tanyş boldular. Olar öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmegi dowam edýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







