«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny durnukly artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Olar döwrebap enjamlary ulanyp, türkmen geologlary tarapyndan kesgitlenen meýdançalarda buraw desgalaryny gurnaýarlar. Has çuň gatlaklara ynamly aralaşyp, uglewodorod çig malynyň täze känlerini açýarlar.
Şu ýylyň geçen döwründe müdirlikde oňat netijeler gazanyldy: kärhananyň hünärmenleri jemi 11 müň 994 metr dag jynsyny gazyp, üç sany önümli guýyny ulanyşa berdiler.
Şu döwürde buraw işleri tamamlanan hem-de ulanyşa berlen ähli üç guýy nebit çykarmak üçin niýetlenendir. «Gara altynyň» senagat akymyny beren guýular «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine tabşyryldy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







