GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda birnäçe halkara başlangyç öňe sürer
18.08.2026

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda dünýäniň derwaýys meselelerini çözmek boýunça öz garaýyşlaryny beýan eder we parahatçylyk, howpsuzlyk, sanly tehnologiýalar, ulag, ekologiýa hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda birnäçe anyk başlangyjy öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öňde boljak sessiýada ýurdumyzyň ileri tutjak ugurlary baradaky beýanatynda aýdylýar.

Parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär we 2027 — 2037-nji ýyllary «BMG-niň Dialog we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça onýyllygy» diýip yglan etmegi teklip edýär. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde köptaraplylygyň hem-de döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek baradaky başlangyç öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini esaslandyrmak baradaky teklibini durmuşa geçirmek boýunça BMG bilen bilelikdäki işler dowam edýär. Nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk hem-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek baradaky geňeşmeler geçiriler.

Sanly tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňdan parahatçylykly peýdalanmagyň halkara kodeksini işläp taýýarlamagy, şeýle hem Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda sanly ynanyşmak hem-de emeli aňy jogapkärli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmegi teklip edýär. Baş Assambleýanyň garamagyna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hakyndaky kararnamanyň taslamasy hödürleniler. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.

Ulag ulgamynda Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň merkezleriniň biri hökmünde ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly kararnama kabul edildi. Şol kararnamanyň çäklerinde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek işi dowam etdiriler. Türkmenistan 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň hem-de Awaza syýasy jarnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşar. Şeýle hem ýurdumyz öz çäginde BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip eder. Mundan başga-da, Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitara ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyç öňe sürüler.

Ekologiýa, howanyň üýtgemegi hem-de energetika ulgamynda Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip eder. Şeýle hem gurakçylyk hem-de suw serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny berkitmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder. Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň orny hakyndaky kararnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli forumy taýýarlamak boýunça geňeşmeler geçiriler.

Ynsanperwer ulgamynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäginde Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogyny ösdürmek, şeýle hem BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy hem-de Zenanlar boýunça düzümi bilen hyzmatdaşlyk dowam etdiriler. «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäginde Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyna goldaw bermek dowam eder. Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky kararnamany teklip edýär we oňa taýýarlyk görmegiň çäginde halkara hukugynyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň hem-de durnukly ösüşiň arabaglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirmegi meýilleşdirýär. Ýurdumyz 2026 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy hökmünde işini dowam etdirer. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda 2031 — 2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine hem-de guramanyň beýleki saýlawly edaralaryna geçiriljek saýlawlarda dalaşgärligini hödürlemäge taýýarlyk görer.