Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Halkara giňişlikde Türkmenistanda öndürilen «A-92» kysymly ýangyja isleg ýokarlanýar
14.03.2024

12-nji martda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudy we «A-92» kysymly ýangyjy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň habar berşi ýaly, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 137 625,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.