Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Awstriýa bilen Hazaryň nebitgazly ýataklary boýunça işleşer
14.03.2024

Türkmen wekiliýeti bilen Awstriýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda Wena şäherinde ýerleşýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynda geçirilen çärede türkmen tarapy Awstriýanyň işewürlerini Hazaryň nebit-gaz ýataklarynda iş alyp barmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň habarlar portalynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy arkaly Ýewropa gaz ibermek meselesi boýunça garaýşyny tassyklady.

Şeýle hem çäräniň barşynda Awstriýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna we beýleki gaz taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanmalaryny Türkmenistanyň goldaýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň awstriýaly öndürijilerden tehnika we enjam  üpjünçiligi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady. Bu bolsa türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ugratmaga mümlikçilik berer diýip, habarda bellenilýär.

Çeşme: Halkara habarlar merkezi