Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda polat turbalary we profilleri öndürýän täze kärhana işe girizildi
06.03.2024

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna gabatlanyp, polat turbalary we profilleri öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň açylyş dabarasy boldy. 5 gektar meýdany bolan täze kärhana önümçilik bölüminden, ammar we edara binalaryndan ybaratdyr.

Ýaponiýanyň, Italiýanyň we Türkiýäniň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 12 müň tonna önüm öndürmäge barabardyr.

Kärhanada 14 görnüşli polat turbalar we 13 görnüşli profil öndüriler. Olar üçin çig mal Russiýadan we Gazagystandan getiriler.

Täze kärhananyň açylmagy sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine we ýaşaýjylarynyň abadan durmuşyna goşant goşup, 70-den gowrak täze iş orunlaryny döreder.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi