Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz toplumynda ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
05.03.2024

3-nji martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça meýilleşdirilen çäreleri üns merkezinde saklamak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, hünärmenleriň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmek we berk gözegçilikde saklamak, gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, iri daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek, täze bazarlara çykmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyna ykjam taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda pudagyň işini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda ösdürmegiň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, hünärmenleriň ýerlerde bolup, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň, şeýle hem bellenen meýilnamalaýyn işleri guramaçylykly durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlary nygtap, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň işinde wajyp wezipeleri belläp, birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Wise-premýer Batyr Amanow pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.