1-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi. Daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,5 göterime deň boldy. Şeýle hem polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.