Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi.
Häzirki döwürde milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýä binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde batly depginlerde dowam edýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň görnüşleri bilen tanşyp, bular barada birnäçe belliklerini aýtdy.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar seýilgähiniň gurluşygynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus bolmalydygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynda, onuň bezeg işlerinde, olaryň reňk sazlaşygynda çagalar üçin özüne çekiji görnüşleriň bolmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda halk ertekilerinden ugur alynmagynyň wajypdygyny aýtdy. Bu işlere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem çekilmelidir, olaryň täzeçil garaýyşlarynyň we teklipleriniň ulanylmagy babatda degişli işler geçirilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Döwlet muzeýiniň taslamasyna hem birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda hem-de onuň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň berklik, uzak möhletleýinlik babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk gelmelidigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň-de ýokary hil derejesine eýe bolmalydygyny, işlere häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk işlerinde täze şäheriň ýokary ekologik derejesiniň saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn ösüşiniň baş şertini emele getirýär.
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda dürli maksatly önümçilik toplumlarynyň meýilleşdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk klasterine degişli toplumlaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda bezeg işleriniň milli ýörelgelerine doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Munuň özi häzirki döwrüň wajyp talaplarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň nyşany görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu nyşanyň milli ýörelgelere laýyk hem-de nyşanda ýerleşdirilen şekilleriň many taýdan häzirki döwrüň ruhuna doly kybap gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk nyşanynyň halkara derejede ykrar edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigi bellenildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanylmaga tabşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Täze şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirjekdigine hem üns çekildi. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.
Gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagy we önümçilik toplumlarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze, kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu wezipeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenendigini, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalaryň sanawy hem-de ilaty täze jaýlara göçürip getirmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleri bilen gyzyklanyp, ýaşaýyş jaýlarynda agyz suwy, elektrik energiýasy we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly meselelerde bökdençliklere ýol berilmeli däldigini, bu ugurda zerur tagallalaryň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra bu ýere oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary çagyryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag institutlarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory häzirki döwürde ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş düzüminiň işini talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny belledi we bu işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi onuň dolandyryş we hojalyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Talyp ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyny we sanly ulgamlary özleşdirmek arkaly özlerini kämilleşdirmekleri ugrunda tagallalaryň edilmegi zerurdyr.
Oba hojalyk ministri ýurdumyzyň ylmy-önümçilik merkezleriniň ylmy-barlag ekerançylyk, däneçilik institutlarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hem-de pudagyň düzümine sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Alym Arkadagymyz oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň işini talabalaýyk guramak, talyplaryň ylmy merkezler bilen yzygiderli gatnaşyklaryny ýola goýmak meselelerine zerur üns berilmelidigini belläp, talyplaryň amaly okuwlaryny tejribede utgaşdyrmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Şunda ýer kadastrynyň talabalaýyk taýýarlanylmagyna, ýurdumyz tarapyndan älem giňişligine uçurylan emeli hemramyzdan işjeň peýdalanylmagyna, pudagyň ähli düzümlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. Şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. Bular barada aýtmak bilen, alym Arkadagymyz ylmy-önümçilik merkezleriniň we pudaga degişli ylmy-barlag institutlarynyň işinde dünýäniň ösen tejribesiniň we halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryna möhüm ornuň degişli bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ösen ylmynyň gazananlarynyň pudaga ornaşdyrylmagyna, tohumçylyk işinde ylmy işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagyna, daýhanlar bilen alymlaryň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmagyna ähmiýet berilmelidigi bellenilip, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli oba hojalykçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle hem wise-premýer bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulýandygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşygynda bolşy ýaly, onuň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk pudagynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň, ägirt uly tejribe toplan oba hojalykçylaryň heýkelleriniň oturdylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi.
Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanandygyny belläp, bu çözgüdiň daýhanlaryň işe höwesiniň artmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň häzirki zamanyň sanly ulgamyny netijeli özleşdirmekleri üçin zerur tagallalar edilmelidir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa täze şäherde alnyp barylýan işleri oba hojalyk toplumyna degişli hünärmenler bilen bilelikde ýola goýmagy tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzda azyk üpjünçiliginiň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyna gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumyna ugrady.
Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň binasynda şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-önümçilik merkezleriniň ylmy-barlag ekerançylyk we däneçilik institutlary öz işine başlady.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz toplumda döredilen mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagy, bu ýerde sanly ulgamyň özleşdirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we toplumyň ähli işgärlerine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi.
Bu ýerde lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini görkezýär. Bu bolsa lukman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly maksatlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow gaznanyň soňky döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemleri, aýratyn goldawa mätäç çagalara berlen lukmançylyk kömekleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalarda birnäçe çylşyrymly operasiýalary geçirmäge ýardam etdi.
Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda adamlaryň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini belläp, bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa merkezde alnyp barylýan işler, bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler we merkeziň ähli bölümlerinde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory döwrebap toplumy gurdurandygy we bu ýerde işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Ýurdumyzda näsag çagalaryň saglyklaryny dikeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, lukman Arkadagymyz merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlarynyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi hem-de bu ýerde ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda lukmanlaryň hünärini kämilleşdirmek, sagaldyş çäreleriniň derejesini we hilini artdyrmak meselelerine zerur üns berilmelidir.
Şeýle hem lukman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady. Munuň özi saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz çagalaryň saglygyny dikeltmek işlerinde lukmanlaryň tejribesiniň ähmiýetlidigini belläp, bu merkezde alnyp barylýan saglygy goraýyş çäreleriniň, şeýle hem merkeziň guramaçylyk we hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Munuň özi merkeziň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Iş maslahatynda, şeýle hem ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»