Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan we BMG-niň ÝYK energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
15.02.2024

Sişenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleriniň Aşgabatda iş sapary bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we tebigy gaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda gazananlary babatda we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak wezipeleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda nebitgaz ulgamynda ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň toplan tejribesine baha berildi. Gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energetika geçmekde tebigy gazyň möhüm ornuny bellediler.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energiýa serişdelerini gaýtadan işlemegiň we ulanmagy giňeltmegiň tehnologiýalary, şeýle hem pudagy dolandyrmagy kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.