Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
14.02.2024

«Türkmengaz» döwlet konserni «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy we Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň, hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

«Nebit-gaz – baýlygym, hazyna-genjim,// Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym» ady bilen geçirilýän bäsleşige ýangyç-energetika toplumynda zähmet çekýän işgärler gatnaşyp bilýärler. Ýazylýan eserlerde nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler we ömrüni bu pudaga bagyş eden adamlaryň zähmet ýoly beýan edilmelidir. Ýazylan eserler awtoryň şahsy maglumatlaryny görkezmek arkaly şu elektron poçta ugradylyp bilner: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm.

Döredijilik bäsleşigini jemi 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guraljak çäreleriň dowamynda jemlener. Onuň ýeňijilerine diplomlar gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan ediljek 3 ýeriň hersinde 3 ýeňiji bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 44-08-40.