Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Täze görnüşli dizel ýangyjy we motor ýagy öndürilip başlandy
14.02.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda häzirki zaman ylmyna we öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjy hem-de «SAE 50 API СF — 4» kysymly motor ýagy öndürilip başlandy. Kärhananyň degişli hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, «Hydro Plus» ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň has sowuk halatlarynda juda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Motor ýagy bolsa awtoulaglardyr gaýry enjamlardaky kuwwatly dizel hereketlendirijileriniň yssy howada kadaly işlemeklerine mümkinçilik berer.
Habarda bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň paýyna tutuş ýurtda öndürilýän önümiň dörtden birine barabar möçberi degişlidir. Bu iri kärhana etilirlenmedik awtoulag ýangyjyny, awiasiýa we tehniki kerosini, reaktiw hem dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, nebit koksuny, suwuklandyrylan gazy, dürli maksatly bitumlary öndürýär.
Zawodlar toplumynda ozaldan hereket edýän benzin komponentlerini öndürýän desgalaryň işleýiş kadalaryna üýtgetmeler girizmek hem üstünlikli ýola goýulýar. Muňa kärhanada 2022-nji ýylyň başynda «Euro — 6» standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän «A — 98» kysymly awtoulag benzininiň önümçiliginiň ýola goýulmagy-da aýdyň güwädir diýlip, habarda bellenilýär.

Çeşme: Türkmenmetbugat