Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň we BAE-niň wekilleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy
14.02.2024

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda taraplar Türkmenistanda IRENA guramasynyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.