Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
12.02.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi.
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurduň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Düzgünnamada bellenilýär.
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi