9-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Mejlisiň dowamynda bu Maksatnamany tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet býujeti ýurduň esasy maliýe guraly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça, şeýle hem onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmagyň we peýdalanylyşyna gözegçilik etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň wajyp ornunyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine ýardam bermek üçin bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermek, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlary bermek babatda işleri dowam etdirmäge degişli görkezmeler berildi.
Bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak, daşary ykdysady şertleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawynyň berilmegini, milli pulumyzyň hümmetiniň saklanylmagyny, bank hyzmatlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda hödürlenilmegini, çekilen serişdeleriň netijeli ulanylmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.