Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany
06.02.2024

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi.

Neşiriň täze sany üstümizdäki ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Neşir täze sanynyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabyna seslenmeleri paýlaşýar.

«Durky peleň, şir mysaly//Mizemez şöhratly ýoly» atly makalada «Ak dost» atly alabaýyň ýakynda gazanan üstünligi wasp edilýär. «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly makala bolsa akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanypdyr.

«Körpe nesilleriň alkyşy» atly makala Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň jemlerine bagyşlanan bolsa, ýanwar aýynyň esasy şanly seneleriniň biri bolan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hem makala okyjylara ýetirilýär. Neşiriň täze sanynda rus dilindäki ilkinji makala guşlary goramak mowzugyna bagyşlanýar. Şondan soňra bolsa 7-lik san bilen bagly täsinlikler bilen tanşyp bilersiňiz. Gyzykly makalalaryň ýene birinde türkmen keçesi barada gürrüň berilýär. 

Neşir ilkinji sanlaryndan bäri gelýän däbi ýöredip, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileriniň alyp baran ylmy gözlegleri baradaky makalalary ýetirmegi dowam etdirýär. «Elektron sport we onuň aýratynlyklary» atly makala gyzykly maglumatlara baý. Iňlis dilindäki makalalaryň ýene birinde halkara işewürlik gatnaşyklary barada söz açylýar. 

Žurnal balyk ýylynyň aýratynlyklary baradaky makalany rus dilinde paýlaşýar. Iňlis dilindäki makaladan bolsa gyş baradaky gyzykly maglumatlary tapyp bilersiňiz. 

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji sanynda «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan edýän döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasyny hem paýlaşýar. Neşiriň bir ýyllyk taryhynda ilkinji gezek däbe öwrülen «Ýaş waspçy» bäsleşiginde üç ýeňijini görüp bilersiňiz. 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti