Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aprel aýynda HNGU-da halkara derejeli maslahat geçiriler
06.02.2024

Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany ýokary derejede guramagy, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini hem guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.