Özünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy jemleýän 58 wagondan ybarat demir ýol düzümi Bişkek şäherine getirildi. Bu ýük dostluk kömegi hökmünde Türkmenistandan Gyrgyzystana ugradylypdy. Gymmatly ýangyç çig malyny Gyrgyzystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri garşyladylar diýip, “Vesti.kg” neşiri habar berýär.
Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Atabek Abylgazyýew iberilen ynsanperwerlik ýük üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Bişkek şäheriniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işinde dörän duýdansyz bökdençlik zerarly, "Türkmengaz" döwlet konsernine 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna ibermek bellenilipdi. Dostlukly ýurduň paýtagtynyň elektrik stansiýasynda bolan hadysa sebäpli 60 müň öý we durmuş maksatly desga elektrik energiýasyz galdy.