Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gyrgyzystana suwuklandyrylan görnüşdäki türkmen gazy ugradyldy
04.02.2024

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi. Şeýle asylly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelýän bu asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Dostlukly döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen suwuklandyrylan tebigy gaz ýüze çykan şu kynçylykly pursatlarda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna türkmen halkynyň özboluşly goşandy bolup durýar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyz dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär we goňşy ýurtlar, şeýle-de sebit döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly, ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar. Birek-birege kömek bermek we goldamak däpleri örän uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýörelgelerinden ugur alnyp, gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidiginiň hem-de çylşyrymly pursatda doganlyk kömegini bermekde hoşmeýilli erkiň nobatdaky güwäsidir.